makullamak

makullamak
işlik
[ma:ku:llamak]
Maksada laýyk hasaplamak, dogry diýip tapmak, makul bilmek, ýerlikli hasap etmek, oňlamak.
∙ Oňun ähli aýdanlaryny makullap, zordan gürrüňiniň arasyny kesdim. («Tokmak» žurnaly)
∙ Olar bu proýekti sowet halkynyň doly makullaýandygy hakynda aýtdylar. («Mydam Taýýar» gazeti)
∙ Seniň häzirki maslahatyňy makullaýaryn. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Поможем сделать НИР

Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»